Pelekdi… bölünipdi – ýewreýçe Pelekdi we bölünipdi sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
Eýbal – käbir gadymy terjimelerde Obal. Seret: Gçk 10:28.
Sepi – käbir gadymy golýazmalarda Sepo. Seret: Gel 36:11.
Alýan – käbir gadymy terjimelerde Alwan. Seret: Gçk 36:23.
Hamran – bu at Gçk 36:26-da Hemdan diýip duş gelýär.
Ýagkan – bu at Gçk 36:27-de Akan diýip duş gelýär.
Gen.5.1-Gen.5.32; Gen.10.1-Gen.10.32; Gen.11.10-Gen.11.26
Gen.17.5; Luke.3.34-Luke.3.36
Gen.25.1-Gen.25.4; Gen.25.12-Gen.25.16; Gen.36.1-Gen.36.19
Gen.16.15-Gen.16.16; Gen.21.2-Gen.21.3
Gen.25.25-Gen.25.26; Gen.32.28
Gen.36.20-Gen.36.30
Gen.36.31-Gen.36.39
Isa.34.6; Isa.63.1
Gen.36.15; Job.2.11; Ezek.25.13
Gen.36.40-Gen.36.43

Ýyl ýazgylary

Birinji kitap

Giriş

Ýyl ýazgylarynyň birinji we ikinji kitaplary ýewreý dilinde «Ýyllaryň wakalary» ady bilen bellidir. Bu kitaplaryň, şeýle-de Ezra we Nehemýa kitaplarynyň awtory Ezra mürze hasaplanylýar.
Bu kitaplarda ysraýyl tireleriniň nesil daragtlary, Dawut we Süleýman pygamberleriň ömri we eden işleri beýan edilýär. Gelejekde halas etjek Mesih Patyşanyň gelerine umyt döretmek üçin, bu iki beýik pygamberiň ömür beýanlary nusgalyk hökmünde görkezilýär.

Mazmuny

Nesil daragtlary we sanawlar 1:1–9:44
Şawulyň ölümi 10:1-14
Dawudyň şalyk sürmegi 11:1–29:30
Kynçylyklar we üstünlikler 11:1–22:1
Ybadathanany gurmak üçin görülýän taýýarlyk 22:2–29:30


Mukaddes Kitap
http://ibt.org.ru/bible
Mukaddes Kitap (2017) Mukaddes Kitap türkmen dilinde.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2017



Creative Commons: by-nd: © Институт перевода Библии; Информацию о лицензии этого издания можно найти здесь: https://wiki.creativecommons.org/images/d/d4/Attribution_3.0_%D0%A1%D0%A1_BY-ND_rus.pdf

Mukaddes Kitap Terjime Instituty
Институт перевода Библии, 101000 Москва, Главпочтамт, а/я 360
ibt_inform@ibt.org.ru
back
close
:
prev / next

Adam atadan Ybraýyma çenli bolan nesiller

(Gelip çykyş 10:2-5)

1 Adamdan Şis, Şisden Enoş, Enoşdan Keýnan,
2 Keýnandan Mahalalel, Mahalalelden Ýeret,3 Ýeretden Hanok, Hanokdan Metuşela, Metuşeladan Lemek, Lemekden Nuh doguldy.4 Nuhuň ogullary: Sam, Ham we Ýafes.
5 Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.
6 Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.
7 Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.
8 Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.
9 Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka.
Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan.
10 Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy.
11-12 Müsür lutlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy; kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy.
13-16 Kengandan onuň ilkinji ogly Sidon hem-de Het doguldy. Kengan ýabuslylaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy.
17 Samyň nesilleri: Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut, Aram, Us, Hul, Geter, Meşek.
18 Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy.19 Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halklar bölünipdi; onuň doganynyň ady Ýoktandy.20 Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera,21 Hadoram, Uzal, Dikla,22 Eýbal, Abymaýyl, Şeba,23 Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir.

Samdan Ybraýyma çenli bolan nesiller

24 Sam, Arpakşat, Şela;
25 Eber, Pelek, Reguw;26 Seruk, Nahor, Tera;27 Ybram, ýagny Ybraýym.

Ybraýymyň nesilleri

(Gelip çykyş 25:1-4,12-16; 36:10-14)

28 Ybraýymyň ogullary: Yshak, Ysmaýyl.
29-31 Olaryň nesilleri şulardyr: Ysmaýylyň nowbahar ogly Nebaýot. Soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema doguldy. Bular Ysmaýylyň ogullarydyr.
32 Ybraýymyň gyrnak aýaly Keturanyň oňa dogrup beren ogullary: Zimran, Ýokşan, Medan, Midýan, Ýişbak we Şuwa. Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy.
33 Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.
34 Ybraýymdan Yshak doguldy. Yshagyň ogullary: Ysaw we Ysraýyl.
35 Ysawyň ogullary: Elipaz, Reguwal, Ýeguş, Ýaglam we Kora.36 Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepi, Gatam, Kenaz, Timna we Amalek.37 Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza.

Edomyň ýerli ilaty

(Gelip çykyş 36:20-28)

38 Segiriň ogullary: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan.
39 Lotanyň ogullary: Hory we Homam; Timna Lotanyň aýal doganydy.40 Şobalyň ogullary: Alýan, Manahat, Eýbal, Şepo we Onam. Sibgonyň ogullary: Aýa we Ana.41 Ananyň ogly: Dişon. Dişonyň ogullary: Hamran, Eşban, Ýytran we Keran.42 Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Ýagkan. Dişanyň ogullary: Us we Aran.

Edomyň patyşalary

(Gelip çykyş 36:31-43)

43 Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr: Begoryň ogly Bala. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady.
44 Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.45 Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.46 Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap ýurdunda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.47 Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy.48 Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Ýewfrat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy.49 Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy.50 Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Pagudy. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr.51 Hadat dünýäden ötdi.
Edomyň urugbaşylary şulardy: Timna, Alwa, Ýetet,
52 Oholybama, Ela, Pinon,53 Kenaz, Teýman, Mibsar,54 Magdyýel we Iram. Bularyň hemmesi Edomyň urugbaşylarydy.
prev / next