Atamyzyň – käbir golýazmalarda Rebbimiz Isa Mesihiň Atasynyň.
Phil.1.7; Phlm.1.1; 2Tim.2.9
Eph.4.7; Col.1.25
Gal.1.12; Gal.2.2
Gal.3.29; Eph.2.16; Matt.8.11; Luke.13.29
Col.1.23
1Cor.15.9
Col.1.26
Eph.1.21
Heb.4.16; Heb.10.19
2Tim.2.10
Eph.1.18; Col.1.27; Col.1.11
Col.2.7
Phil.4.7; Col.2.10
Jude.1.24
Rom.11.36

Pawlusyň efeslilere haty

Giriş

Efes şäheri Aziýa welaýatynyň (häzirki Türkiýäniň) günbatarynda ýerleşýän port şäheridi. Hatyň ýazylan döwründe bu şäher öz ululygy boýunça Rim imperiýasynda dördünji orny eýeleýärdi. Mundan başga-da, Efes şäheri tebigata sežde etmegiň gadymy dini merkezi bolup, onda zenan hudaý Artemise sežde edilýärdi (Res 19-njy bap). Awtor efeslilere ýüzlenip, olaryň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýänler hökmünde Hudaýyň eziz çagalarydygyny we olaryň Hudaýyň göreldesine eýermelidigini aýdýar (5:1). Olar birwagtlar garaňkylykda ýaşaýardylar, emma indi nurda ýaşap, öz nurlaryny parlatmalydyrlar (5:8,9).
Hatyň esasy mowzugy bitewülik baradadyr. Hatyň birinji babynda Hudaýyň ölümden direlden Isa Mesihiň hökümdarlygy barada aýdylýar. Ol göklerde Hudaýyň sagynda oturyp, tutuş dünýä hökümdarlyk edýär. Hudaýyň ahyrky we iň ajaýyp niýeti ýerdäki we gökdäki ähli zatlary bir Başa, ýagny Isa Mesihe birikdirmekden ybaratdyr (1:10).
Hatyň birinji bölüminde bitewülik baradaky pikir ýaýbaňlandyrylýar. Onda Atamyz Hudaýyň Öz halkyny saýlaýşy, onuň günälerini bagyşlaýşy, Isa Mesih arkaly halkyň öz günälerinden azat edilişi, Hudaýyň beýik wadasynyň Mukaddes Ruh arkaly kepillendirilişi beýan edilýär. Hatyň ikinji bölüminde Isa Mesihe eýerýän imanlylara biri-birini söýmeklik ündelýär.
Hudaýyň halkynyň Isa Mesihdäki bitewüligini görkezmek üçin, hatda dürli suratlandyrmalar ulanylýar. Onda ýygnak – beden, Isa Mesih bolsa onuň başy hökmünde ýa-da ýygnak – bina, Isa Mesih bolsa onuň burç daşy hökmünde suratlandyrylýar. Awtor Hudaýyň Isa Mesih arkaly berýän merhemetini beýan edip, Onuň bagyşlamasyna, merhemetine we päkligine mynasyp durmuşda ýaşamagy ündeýär.

Mazmuny

Salamlar we doga-dilegler 1:1-2
Isa Mesih we ýygnak 1:3–3:21
Isa Mesihdäki täze ýaşaýyş 4:1–6:20
Jemleme 6:21-24


Mukaddes Kitap
http://ibt.org.ru/bible
Mukaddes Kitap (2017) Mukaddes Kitap türkmen dilinde.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2017



Creative Commons: by-nd: © Институт перевода Библии; Информацию о лицензии этого издания можно найти здесь: https://wiki.creativecommons.org/images/d/d4/Attribution_3.0_%D0%A1%D0%A1_BY-ND_rus.pdf

Mukaddes Kitap Terjime Instituty
Институт перевода Библии, 101000 Москва, Главпочтамт, а/я 360
ibt_inform@ibt.org.ru
back
close
:
prev / next

Pawlusa aýan bolan syr

1 Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.
2 Öz merhemetini siz ýahudy dällere ýetirmek üçin, Hudaýyň maňa aýratyn tabşyryk berendigini, elbetde, eşidensiňiz.3 Size öň gysgaça ýazyşym ýaly, Hudaý maňa Öz syryny aýan etdi.4 Hatymy okanyňyzda, Mesihiň bu syryna meniň näderejede düşünýändigimi aňarsyňyz.5 Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.6 Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.
7 Men Hudaýyň beýik gudraty we peşgeş beren merhemeti arkaly Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.
8 Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.9 Ähli zady ýaradan Hudaý geçmişden bäri bu syry Öz huzurynda gizlin saklady, bu syryň manysynyň nämedigini indi her bir ynsana äşgär etmeklik maňa berildi.10 Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.11 Bu Hudaýyň owal-başdan bäri meýilnamasy bolup, ony Rebbimiz Isa Mesih arkaly amala aşyrdy.12 Isa Mesih we Oňa bolan imanymyz arkaly biz Hudaýyň huzuryna uly ynam we batyrgaýlyk bilen ýakynlaşyp bilýäris.13 Şonuň üçin hem, ugruňyzda çekýän gaýgy-hasratlarym sebäpli siziň ruhdan düşmezligiňizi haýyş edýärin. Gaýtam, bular size şöhrat getirýändir.

Pawlusyň efesliler üçin Hudaýa dilegi

14-15 Şeýlelikde, ýerde we gökde her bir millete at beren Atamyzyň huzurynda men dyza çökýärin.
16 Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin.17-18 Isa Mesih imanyňyz arkaly ýürekleriňizde ýaşasyn. Şeýle-de, men söýginiň sizde kök urup ornaşmagyny, Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna Hudaýyň ähli halky bilen birlikde düşünmegiňizi Hudaýdan dileýärin.19 Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.
20 Bizde işleýän gudratyna görä, Hudaý her bir haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandyr.
21 Imanlylar ýygnagy we Isa Mesih arkaly, goý, Hudaýa nesillerboýy ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn.
prev / next