Imanuwel – bu söz Hudaý biziň bilen diýmegi aňladýar.
2Kgs.16.1; 2Kgs.15.37; 2Kgs.16.5; 2Chr.28.5
2Kgs.18.17; Isa.36.2
Isa.8.10
Isa.37.30; Isa.38.7; Matt.1.23
1Kgs.12.16-1Kgs.12.17
Isa.5.26
2Kgs.18.13; Isa.36.1
Isa.5.6; Isa.32.13

Işaýa pygamberiň kitaby

Giriş

Işaýa pygamber iň beýik pygamberleriň biridi. Onuň ady «Reb halas edýär» diýmegi aňladýar. Ol Amos, Hoşeýa we Mika pygamberleriň döwründe ýaşap, b. e. öň 740-njy ýylda pygamberlik edip başlady. Onuň pygamberlik edip başlan döwründe ýurdy Uzyýa patyşa dolandyrýardy. Uzyýadan soň şalyk süren üç patyşanyň döwründe hem Işaýa pygamber Rebbiň aýdanlaryny Ýahuda halkyna ýetirdi. Şol döwürde Aşur patyşalygy öz çäklerini giňeldýärdi. Milletler Aşur patyşalygyna garşy göreşmek üçin birleşýärdiler, ýöne aşurlylar ahyrsoňy Ysraýyly we goňşy döwletleri basyp alýarlar. Müňlerçe adam ýesir alnyp, sürgün edilýär. Ýahuda patyşalygy doly basylyp alynmandygyna garamazdan, Aşur patyşalygyna agyr salgyt tölemäge mejbur edilýär.
Işaýa pygamber Hudaýy «Ysraýylyň Mukaddesi» we «Hökmürowan Reb» diýip atlandyrýar. «Hökmürowan Reb» ýewreý dilinde Adonaý Ýahwe diýmegi aňladýar. Adonaý sözi adatça Taňry, Ýahwe – Reb diýip terjime edildi. Emma bu sözleriň utgaşyp gelen ýagdaýlarynda, olar Hökmürowan Reb diýip terjime edildi.
Işaýa pygamber ot-alawy jeza bermekligiň nyşany hökmünde, üzüm agajyny we üzümçiligi Ysraýyl halkynyň nyşany hökmünde ulanýar (5:7).
Kitap şu aşakdaky bölümlere bölünýär:
Işaýa 1–39: Sürgün edilmezden öňki döwür – Höküm kitaby.
Işaýa 40–66: Sürgün we ondan soňky döwür – Teselli kitaby.
Babyl sürgüniniň taryhy 2‑nji Patyşalar kitabynyň 25‑nji babynda beýan edilýär.
Işaýa pygamber kitabynyň birinji bölüminde tutuş dünýäniň Patyşasy bolan Rebbiň mukaddesligi we hökmürowanlygy aýratyn nygtalýar. Mukaddes Patyşa hökmünde Rebbiň ýahuda halkynyň pisligine garşy gahar-gazaby tutuşýar. Döwlet baştutanlary para-peşgeşe ýatypdy, ähli ýerde adalatsyzlyk we zorluk höküm sürýärdi. Emma Reb ýahudy halkynyň Özüne dolanyp, Oňa bil baglan ýagdaýlarynda ony halas etjekdigini we gorajakdygyny wada berýär.
Kitabyň ikinji bölüminde Reb ozal höküm edilen adamlara gürläp (40:1-2), ruhdan düşen halkyna umyt berýär. Reb olaryň daşdan ýa agaçdan ýasalan butlaryň hiç güýjüniň ýokdugyna, ýeke-täk Hudaýyň diňe Oldugyna düşünmeklerini isleýär. Eger ysraýyl halky toba edip, Hudaýa dolansa, ony Babyl sürgünliginden azat etjekdigini, beýleki milletleriň arasynda pytraňňy ýaşap ýörenlerini hem ata ýurtlaryna gaýtarjakdygyny wada berýär. Bulardan başga-da Hudaý Öz halkynyň Oňa dolanan ýagdaýynda ony ýalkap, berekediniň boldan-bol artdyrjakdygyny hem wada berýär. Reb bu wadalaryny berjaý etmegi başarýandyr, sebäbi Ol tutuş dünýäni ýaradyp, ony dolandyrýar. Şu bölümiň ahyrynda Reb Özüne sadyk galan adamlara aýratyn ýagty gelejegi wada berýär. Bu wada diňe ýahudy halkyna däl, eýsem ähli milletlere hem degişlidir.
Işaýa pygamberiň kitaby esasan hem goşgy görnüşinde ýazylandyr. Ýöne onuň käbir parçalary – taryhy maglumatlary beýan edilýän ýerleri kyssa görnüşinde ýazylandyr. Bu taryhy maglumatlar esasan hem Patyşalar kitabyndan alnandyr. Pygamberlikler käwagt halky halas etjek Halasgär barada bolup, olaryň iň meşhury 53‑nji bapda beýan edilýär.

Mazmuny

Höküm kitaby 1–39
Duýduryşlar we wadalar 1:1–12:6
Milletler höküm edilýär 13:1–23:18
Reb ýer ýüzüni jezalandyrýar 24:1–27:13
Goşmaça duýduryşlar we wadalar 28:1–35:10
Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa we aşurlylar 36:1–39:8
Teselli kitaby 40–66
Wadalar we umyt baradaky pygamberlikler 40:1–55:13
Duýduryşlar we wadalar 56:1–66:24


Mukaddes Kitap
http://ibt.org.ru/bible
Mukaddes Kitap (2017) Mukaddes Kitap türkmen dilinde.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2017



Creative Commons: by-nd: © Институт перевода Библии; Информацию о лицензии этого издания можно найти здесь: https://wiki.creativecommons.org/images/d/d4/Attribution_3.0_%D0%A1%D0%A1_BY-ND_rus.pdf

Mukaddes Kitap Terjime Instituty
Институт перевода Библии, 101000 Москва, Главпочтамт, а/я 360
ibt_inform@ibt.org.ru
back
close
:
prev / next

Ahaz patyşa berlen habar

1 Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.
2 Dawudyň nesli Siriýanyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi.3 Onsoň Reb Işaýa şeýle diýdi: «Ogluň Şeýarýaşup bilen ýokarky howza akýan ýabyň aýagyndaky kir ýuwulýan meýdanyň ýolunda Ahazy garşylamaga gidip, oňa şuny aýdyň:4 „Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.5 Siriýalylar we efraýymlylar öz patyşasy Remalýanyň ogly bilen saňa garşy dildüwşük gurady.6 Olar: 'Geliň, Ýahudanyň üstüne çozalyň, ony gorkuzyp, basyp alalyň we Tabeýeliň ogluny patyşa edeliň' diýdiler.7 Emma Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
'Bu amala aşmaz, berjaý bolmaz ol.
8 Damask Siriýanyň paýtagtydyr, Resin Damaskyň baştutanydyr. Halk bolmakdan galar Efraýym, altmyş bäş ýylyň içinde synyp.9 Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla'“».

Imanuweliň alamaty

10 Reb ýene-de Ahaza:
11 «Hudaýyň Rebden alamat sora; goý, ol ölüler dünýäsinden çuň, gök kimin beýik bolsun» diýdi.12 Emma Ahaz: «Sorajak däl, Rebbi synajak däl» diýdi.13 Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz?14 Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.15 Ol ýagşyny ýamandan saýgaryp bilýänçä, diňe gaýmak bilen bal iýer.16 Ýöne oglanyň ýagşyny ýamandan saýgarmagy öwrenmezinden öň, seni gorka salan iki patyşanyň ýurdy terk ediler.17 Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».
18 Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýaguçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar.
19 Olar hem gelip, ýapaşak derelerde, gaýalaryň jaýryklarynda, ähli tikenekli gyrymsy agaçlarda we örülerde ornaşarlar.
20 Şol gün Reb Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndan kireýine alnan päki bilen, ýagny Aşur patyşasy bilen saçyňyzy, aýaklaryňyzyň tüýlerini we sakgalyňyzy syrar.
21 Şol gün bir adam bir gulajyn bilen iki goýun saklar.
22 Ol sagyp alan bol süýdünden gaýmak iýer; ýurtda galan her kes gaýmak hem bal iýer.
23 Şol gün bahasy müň kümüş teňňä barabar bolan müň düýp üzümli tutuş ýer çalylyk we tikenlik ýerlere öwrüler.
24 Tutuş ýurt çalylyga we tikenlige öwrüler; adamlar ol ýere okdur ýaýlary bilen gider.25 Çalylardan we tikenlerden gorkyňyza öňki kätmenlenen depelere gidip bilmersiňiz; ol ýerler mal goýberilýän, goýunlaryň basgylaýan ýeri bolar.
prev / next