Gen.22.21; Jer.25.20; Lam.4.21; Ezek.14.14; Ezek.14.20; Jas.5.11; Gen.6.9; Ps.17.22-Ps.17.24
Judg.6.3
1Sam.16.5; Gen.8.20
Job.2.1; Job.38.7
1Pet.5.8
Ps.127.2
Ruth.1.13; Job.19.21
1Kgs.10.1
2Kgs.1.10
Judg.7.16; 1Sam.11.11; 2Kgs.24.2
Gen.37.29; Gen.37.34
Gen.3.19; Eccl.3.10; Eccl.5.14; 1Tim.6.7; Ps.112.2

Eýýup

Giriş

Süleýmanyň pähimleri, Wagyz kitaby, mezmurlaryň käbirleri ýaly, Eýýup kitaby hem öwüt-ündew äheňinde ýazylan kitapdyr.
Kitapda Eýýup pygamberiň ömri beýan edilýär. Ol ýahudy bolmasa-da, diri Hudaýa iman edip, örän dogruçyldy. Eýýup şeýle imany üçin Hudaý tarapyndan boldan-bol ýalkanan adam hasaplanýardy. Günleriň birinde Eýýup şeýtan tarapyndan synaga salynýar. Agyr muşakgatlar Eýýubyň başyndan inýär: ol çagalarynyň baryny, ägirt mal sürülerini, tutuş emlägini bir günde ýitirýär. Ol ençeme ýyllap agyr kesellerden ejir çekýär. Eýýubyň ýakyn dostlary onuň halyndan habar tutmaga, teselli bermäge gelýärler. Niýetleriniň ýagşydygyna garamazdan, olaryň tesellisi Eýýubyň jebir-jepalaryny öňküden-de artdyrýar. Eýýup Hudaýa nalyş edip, görýän görgüleri, çekýän jebirleri barada Oňa arz edýär. Kitabyň ahyrynda Hudaý güýç-gudrat içinde Eýýuba jogap berýär. Hudaýyň jogabyndan soň Eýýup aýdara söz tapman, başyndan gumdur kül sowrup, toba edýär.
Jebir çekýän we munuň asyl sebäbini agtaryp: «Men näme üçin şeýle jebir çekýärkäm?» diýip soraýan adamlar bu kitapda öz soraglaryna jogap tapyp bilerler.

Mazmuny

Eýýup pygamber we onuň maşgalasy 1:1–2:13
Eýýup we onuň dostlary 3:1–31:40
Eýýubyň ahy-nalasy 3:1-26
Birinji gepleşik 4:1–14:22
Ikinji gepleşik 15:1–21:34
Üçünji gepleşik 22:1–27:23
Paýhas öwgüsi 28:1-28
Eýýubyň soňky sözi 29:1–31:40
Elihu söz sözleýär 32:1–37:24
Reb Eýýuba jogap berýär 38:1–42:6


Mukaddes Kitap
http://ibt.org.ru/bible
Mukaddes Kitap (2017) Mukaddes Kitap türkmen dilinde.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2017



Creative Commons: by-nd: © Институт перевода Библии; Информацию о лицензии этого издания можно найти здесь: https://wiki.creativecommons.org/images/d/d4/Attribution_3.0_%D0%A1%D0%A1_BY-ND_rus.pdf

Mukaddes Kitap Terjime Instituty
Институт перевода Библии, 101000 Москва, Главпочтамт, а/я 360
ibt_inform@ibt.org.ru
back
close
:
prev / next

Eýýup we onuň maşgalasy

1 Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.
2 Onuň ýedi ogly bilen üç gyzy bardy.3 Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.
4 Eýýubyň ogullarynyň hersi nobatma-nobat öz öýlerinde meýlis gurardylar we bile iýip-içmek üçin adam ýollap, üç uýasyny-da çagyrardylar.
5 Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.

Eýýubyň birinji synagy

6 Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi.
7 Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi.8 Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi.9 Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi?10 Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.11 Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»12 Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.
13 Bir gün Eýýubyň ogullary bilen gyzlary uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar.
14 Bir çapar Eýýuba şeýle habar getirdi: «Biz öküzler bilen ýer sürüp ýörkäk, eşekler-de olaryň yzynda otlap ýörkäler,15 şebalylar üstümize çozup, mallary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym».16 Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.17 Ol sözüni soňlamanka, üçünji bir çapar gelip: «Babyllylar üç topar bolup düýeleriň üstüne çozdular-da, olary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.18-19 Ol heniz sözüni tamamlamanka, başga bir çapar: «Seniň ogullaryňdyr gyzlaryň uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrkalar, çöl tarapdan bir güýçli tupan gelip, öýi tutuşlygyna ýumurdy. Öý ýaşlaryň üstüne ýykyldy we olaryň bary öldi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýen habary getirdi.
20 Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.
21 Ol:
«Ýalaňaç indim bu dünýä, ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä. Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.
22 Eýýup bu agyr muşakgatlyklaryň astynda-da, Hudaýy ýazgaryp, günä etmedi.
prev / next